BMG-niň Baş sekretary musulman halkyny Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady

  • 12.03.2024 09:26
  • 3.4k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýädäki ähli musulmanlary mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady. Guramanyň saýtynda ýerleşdirilen hatda ol Remezan aýynyň parahatçylyk, durnuklylyk we sahylyk gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini belledi. 

Bu pikirlenmegiň we dileg etmegiň wagty, bilelikde jemlenip, birek-biregi goldamagyň wagtydyr. Gynansak-da, köp musulmanlar Remezany dawa-jenjeller, mejbury göçmeler we gorky şertlerinde bellär diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi.

“Ilki bilen men Gazada bolup geçýän elhençlikden ejir çekýänleriň ählisine goldaw we raýdaşlyk bildirmek isleýärin. Bu kyn günlerde Remezanyň ruhy umyt şamçyragy we biziň adamdygymyzy ýatladyjydyr” diýip, Antoniu Guterriş aýtdy.

Ol adamlary agzalalygy ýeňip geçmäge, mätäçlere goldaw bermäge we “adamzat maşgalasynyň her bir agzasynyň” howpsuzlygyny berkitmegiň üstünde işlemäge çagyrdy. 
“Goý, bu Mukaddes aý parahatçylyk getirsin we bizi has adalatly hem rehimli dünýä ugrukdyrsyn” diýip, BMG-niň Baştutany sözüni jemledi.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......