ABŞ-da Merilin Monronyň AI görnüşi tanyşdyryldy

  • 11.03.2024 12:53
  • 10k+

Emeli aň esasynda «biosanly adamlary» işläp düzýän Amerikanyň Soul Machines kompaniýasy Tehasyň Ostin şäherinde geçirilen South by Southwest tehnologiýa maslahatynyň dowamynda «sanly Merilini» tanyşdyrdy. Bu emeli aň arkaly döredilen we ulanyjynyň soraglaryna jogap bermäge ukyply aktrisa Merilin Monronyň sanly meňzeşidir.  Bu barada Soul Machines-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

«Sanly Merilin» dünýä ýyldyzlarynyň şekillerini ulanmak hukugyna eýe bolan Authentic Brands Group bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol patentlenen Biological AI Soul Machines tehnologiýasyny Merilin Monronyň keşbi bilen birleşdirýär. Ol LLM tehnologiýalaryny, esasanam ChatGPT 3.5 ulanyp, ulanyjylar bilen hakyky wagtda aragatnaşyk saklaýar.
«Sanly Merilin» ýyldyzyň mimikasyna we aragatnaşyk usulyna öýkünýär, söhbetdeşiň isleglerine uýgunlaşýar, degişmeler aýdýar we şahsy salamlary berýär.
Ýakynda geçirilen synagda Merilin Monronyň AI görnüşi filmdäki iň gowy görýän keşbi – «Jazda diňe gyzlar» filmindäki Darling hakynda gürrüň berdi. Ol bu keşbi kyn, ýöne peýdaly diýip atlandyrdy we «Jentlmenler sary saçly gyzlary halaýarlar» ýaly beýleki komediýalary maslahat berdi.


düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....