Emma Stoun "Iň gowy zenan keşbi" nominasiýasynda "Oskar" baýragyny gazandy

  • 11.03.2024 10:49
  • 13k+

Amerikan kinoakademiýasynyň baýrak gowşurylyş dabarasynda "Betbagt biçäreler" filmindäki keşbi üçin Emma Stoun iň gowy aktrisa hökmünde yglan edildi.

Şeýlelikde, 35 ýaşly aktrisa "Oskar" baýragynyň iki gezek laureaty boldy. Ol birinji baýragy 2017-nji ýylda Demýen Şazelliň "La-La Lend" mýuziklindäki baş keşbi üçin aldy. Aktrisanyň hasabynda Amerikan kinoakademiýasynyň baýragy üçin jemi dört nominasiýa bar.
"Betbagt biçäreler" filmi şotlandiýaly ýazyjy Alasder Greýiň adybir romanyna esaslanýar.
Häzirki baýrak möwsüminde Emma Stoun bu filmdäki keşbi üçin dürli baýraklarda dört nominasiýa eýe boldy we iki ýeňiş gazandy ("Oskardan" daşary) - "Altyn globusda" we BAFTA-da.
Şeýle-de, şu ýyl iň gowy zenan keşbi üçin şular dalaşgär görkezildi:
- Lili Gladstoun, "Gül Aýynyň ganhorlary";
- Keri Malligan, "Maestro";
- Sandra Hýuller, "Ýykylmagyň anatomiýasy";
- Annet Bening, "Daýana Naýed".


02.05.2026 18:25
3.7k+

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

08.04.2026 21:26
2k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.6k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...