Killian Mýorfi "Oppengeýmerdäki" baş keşbi üçin ilkinji "Oskaryny" aldy

  • 11.03.2024 09:32
  • 6.8k+

96-njy "Oskar" baýragynyň gowşurylyş dabarasynda "Iň gowy erkek keşbi" kategoriýasynda "Oppengeýmer" filmindäki baş keşbi üçin Killian Mýorfi ýeňiji boldy. Sahnadan ýeňijini geçen ýylky laureat Brendan Freýzer yglan etdi.

Bu irlandiýaly aktýoryň aktýorlyk karýerasynda Amerikan kinoakademiýasynyň ilkinji nominasiýasydyr. Öň, häzirki baýrak möwsüminde Killian Mýorfi amerikaly fizik we atom bombasyny dörediji Robert Oppengeýmeriň keşbi üçin Aktýorlar gildiýasynyň iki baýragyna ("Iň gowy erkek keşbi" we "Iň gowy aktýorlar düzümi"), BAFTA we "Altyn globus" baýraklaryna mynasyp boldy. 
Şeýle-de, "Iň gowy erkek keşbi" kategoriýasynda baýrak üçin şular dalaş etdi:
- Pol Jamatti, "Galdyrylanlar";
- Bredli Kuper, "Maestro";
- Kolman Domingo, "Rastin";
- Jeffri Raýt, "Amerikan harsal eseri".


28.03.2026 15:27
3k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
6.9k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

16.03.2026 11:24
4.4k+

«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy

Amerikan režissýory Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi 98-nji «Oskar» gowşurylyş dabarasynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Film «Iň gowy film» kategoriýasynda ýeňiji diýlip ykrar edildi...