«Dünýä gözeli» gözellik bäsleşiginde çehiýaly Kristina Pyşkowa ýeňiji boldy

  • 10.03.2024 23:37
  • 25k+

Hindistanyň Mumbaý şäherinde «Dünýä gözeli» adynyň täze eýesi saýlandy. Iň meşhur gözellik bäsleşikleriniň birinde 24 ýaşly çehiýaly Kristina Pyşkowa ýeňiji boldy. Ol täç ugrunda bäsleşen 112 ýurtdan we sebitden gatnaşyjylaryň arasynda ýeňiji bolmagy başardy.

Kristina Pyşkowa uniwersitetde okaýar, birbada iki hünäri – hukuk we işewürlik dolandyryşyny öwrenýär. Mundan başga-da, ol ýaşlygyndan model bolup işleýär. Birnäçe ýyl ozal Tanzaniýada meýletinçi bolup, çagalaryň iňlis dilini öwrenýän mekdebini gurdy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 9-njy martda geçirilen hem bolsa, gatnaşyjylar 18-nji fewralda Hindistana ýygnandylar. Olar kimiň finala çykjakdygyny kesgitlemek üçin birnäçe synagdan geçmeli boldular.
Zehin bäsleşiginde Tunisiň gözeli Imen Merzi ýeňiji boldy. Modelleriň bäsleşiginde Martinika adasyndan Aksel Rene hemmäni ýeňdi. Sport synagynda horwatiýaly Lusiýa Begiç birinji orny eýeledi. Iň gowy köýnek bäsleşiginde efiopiýaly, ABŞ-ly, hindistanly we çehiýaly gyzlar saýlandylar.
Kristina Pyşkowadan başga-da ilkinji 4-lige Trinidad we Tobagonyň wekili Aşe Abrahams, Botswananyň gözeli Lesego Çombo we liwanly Ýasmin Zautoun girdi (ol ikinji ýeri eýeledi we dünýäniň birinji wise-gözeli boldy).
Täji 2022-nji ýyldan bäri «Dünýä gözeli» diýen ada eýe bolan polşaly Karolina Belýawska gowşurdy.
Ozal Çehiýa «Dünýä gözeli» bäsleşiginde diňe bir gezek ýeňiji bolupdy: 2006-njy ýylda bu ada ýurduň wekili Tatýana Kuharžowa mynasyp bolupdy.


11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....