SpaceX Starlink emeli hemra aragatnaşygyny iPhone-da we Samsung-da üstünlikli synagdan geçirdi

  • 10.03.2024 23:22
  • 7.3k+

SpaceX ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna (FCC) adaty smartfonlara özüniň emeli hemralaryna gönüden-göni birikdirmäge mümkinçilik berýän Direct to Cell tehnologiýasy bilen üpjün edilen Starlink emeli hemralarynyny üstünlikli synagdan geçirendigini barada hasabat berdi.

FCC üçin taýýarlanan resminamada emeli hemralaryň T-Mobile operatorynyň PCS G Blok spektrini ulanyp, Samsung, Apple we Google Pixel ýaly dürli smartfonlar bilen üstünlikli aragatnaşyk saklandyklary aýdylýar. Aragatnaşyk şäher we oba ýerleri, ýapyk we açyk meýdançalar, agaçly ýerler ýaly dürli şertlerde üpjün edildi. Şeýle hem kompaniýa emeli hemralaryň görünýän wagtynda beýleki enjamlaryň päsgelçiligi bolmazdan maglumat geçirişini saklaýandygyny aýtdy.
SpaceX Starlink tehnologiýasynyň internet maglumatlarynyň binalaryň içindäki smartfonlara geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady. Kompaniýa takyk maglumatlary aýan etmedi, ýöne öýjükli aragatnaşygyň emeli hemra tehnologiýasyny iň ýokary rugsat berilýän güýç akymynyň iň gür wagtynda synagdan geçirendigini anyklady. Ilon Maskyň kompaniýasynda Starlink öýjükli aragatnaşyk emeli hemralarynyň beýleki telekommunikasiýa we emeli hemra hyzmatlarynyň radio päsgelçiligine sebäp boljakdygy baradaky aýdanlaryny ýalanladylar.
SpaceX FCC-iň rugsatnamasyny alandan soň, şu ýyl T-Mobile-iň müşderileri üçin Starlink emeli hemra öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Ilki bilen, bu hyzmat SMS habar alyşmalaryny goldar, indiki ýyl bolsa sesli jaňlar we internet goldawy goşular. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa ýakyn wagtda Cell-to-Cell tehnologiýasy bilen üpjünedilen 800-den gowrak emeli hemra uçurar.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......