Ýaponiýadaky “Makdonalds” friniň ysyny berýän atyrlaryň mahabatyny hödürledi

  • 09.03.2024 22:18
  • 6.5k+

“Makdonalds” tiz iýmit restoran ulgamynyň ýapon bölümçesi sosial ulgamlarda kompaniýanyň menýusyndan iň meşhur tagam bolan friniň ysyny berýän atyrlaryň mahabaty bilen poster ýerleşdirdi. Bu barada daily.afisha.ru habar berýär.

Mahabat üç görnüşdäki: klassyky, garaly, suwoty we duz ýa-da sarymsak, gara burç we maýonez goşulan yslary barlap görmegi teklip edýär.
Görnüşleriň üçüsi-de “Makdonaldsyň” stilindäki flakonlarda hödürlendi. Olar sary “M” harpy bilen gaty kagyz gaplaryna ýerleşdirildi. Bu poster sosial ulgamlary ulanyjylaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Olar şeýle atyry haçan we nirede satyn alyp bolýandygy bilen gyzyklanyp başladylar. Netijede, bu poster, takmynan, 15 mln gezek görüldi we 26 müň gezek paýlaşyldy.
Ýöne posterde kiçijik şrift bilen önümiň “illýustrasiýadygy” görkezilýär. Hakykatda bolsa, friniň ysyny berýän atyrlar öndürilmeýär we satylmaýar.


18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......