Obameýang Ýewropa ligasynyň we UEFA Kubogynyň umumy taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy

  • 09.03.2024 18:03
  • 8k+

Fransiýanyň «Marsel» toparynyň gabonly futbolçysy Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrlarynyň we ondan öňki UEFA Kubogynyň umumy taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.

Hüjümçi Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň Ispaniýanyň «Wilýarreal» toparyna garşy birinji duşuşygynyň 42-nji minutynda penatli urgusyny dürs ýerine ýetirdi we bu ýaryşdaky jemi gollarynyň sanyny 32-ä ýetirdi. Şeýlelikde, ol UEFA Kubogynda iň köp gol geçiren şwesiýaly Henrik Larssondan öňe geçdi. Fransuz topary öz meýdançasynda 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
«Marseliň» 34 ýaşly hüjümçisi fewral aýynda Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.


11.05.2026 22:47
8.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

08.05.2026 10:56
5.4k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň finalçylary belli boldy: Emeri nobatdaky kuboga barýar

Angliýanyň «Aston Willa» we Germaniýanyň «Fraýburg» toparlary UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň finalyna çykdy....

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....