Nadal Indian-Uelsdäki ýaryşdan ýüz öwürmeli boldy

  • 07.03.2024 12:57
  • 4.8k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek ATP 1000 ýaryşyndan aýrylandygyny habar berdi. Öz sosial ulgamlarynda Nadal munuň kyn çözgüt bolandygyny ýazdy.

“Men özüme we müňlerçe janköýere ýalan sözläp bilmeýärin. Meniň siziň ähliňizi göresim geler we ýaryşyň üstünlikli geçjekdigine ynanýaryn” – diýip, tennisçi ýazdy.

Ýaryşdan aýrylmagynyň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar, ýöne Nadal eýýäm birnäçe aý bäri but şikesi bilen göreşýär. Ýanwar aýynyň başynda Nadal Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşdy we dörtden bir finalda awstraliýaly Jordan Tompsondan utuldy.
36 ýaşly ispaniýaly dünýäde iň meşhur tennisçileriň biri we ol Indian-Uelsdäki ýaryşda üç gezek ýeňiji boldy (2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda). Ýaryşda onuň deregine hindistanly Sumit Nagalyň (ATP 101) çykyş etjekdigi eýýäm yglan edildi. Birinji raundda ol kanadaly Miloş Raoniçe garşy oýnar.
Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde (ATP) serbiýaly Nowak Jokowiç birinji orny eýelemegi dowam edýär (9675 utuk). Ikinji orunda ispaniýaly Karlos Alkaras (8805) gelýär. Üçlügi Ýannik Sinner (8270) jemleýär. 


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......