Saud Arabystanynda beýikligi 2 km bolan başy gökdirän bina taslanylýar

  • 06.03.2024 18:16
  • 16k+

Britaniýanyň Foster+Partners studiýasy dünýädäki iň beýik binany taslaýar. Dezeen žurnalynyň habar bermegine görä, başy gökdirän binanyň beýikligi iki kilometr bolar we ol paýtagtyň demirgazygynda ýerleşdiriler.

Hasaba görä, ol şäheriň britan kompaniýasy tarapyndan täzeden dikeldilýän Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşer. Eger bu bina gurulaýsa, ol häzirki rekord eýesi – Dubaýdaky 828 metrlik Burj Halifadan öňe geçer.
Örän beýik diňden we Er-Riýadyň howa menzilinden daşary, studiýa ýene iki howa menziliniň üstünde işleýär. Gyzyl deňziň halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy. Şeýle-de, studiýa myhmanhana we “dünýäde ilkinji deňiz durmuşy merkezini” taslaýar.


29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...