Samsung 11-nji martda täze Galaxy A smartfonlaryny hödürlär

  • 06.03.2024 18:11
  • 6.6k+

Samsung kompaniýasy täze gurluşlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Resmi çakylyga görä, çäre indiki duşenbe güni – 11-nji martda Hindistanda geçiriler diýip, gagadget.com portaly habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda täze Galaxy A35 we Galaxy A55 smartfonlary görkeziler. Galaxy A35 6,6 dýuým panel bilen üpjün ediler. Smartfon 50 MP + 8 MP + 5 MP esasy kamera we 13 MP frontal kamera eýe bolar. Gajet Exynos 1380 prosessorynyň dolandyrmagynda işlär. Şeýle-de, smartfon IP68 goragyna we 25 Wt zarýad beriş bilen 5000 mAs batareýa eýe bolar.

Galaxy A55 6,5 dýuýmlyk 120 Gs OLED ekrany bilen üpjün edilmeli. Bu smartfon Exynos 1480 prosessoryna, 50 MP + 12 MP + 5 MP esasy kamera, 32 MP frontal kamera, IP68 goragyna we 25 Wt zarýad beriş bilen 5000 mAs batareýa eýe bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...