Ýaponiýada dünýäde ilkinji gezek janly donorlardan bir wagtda öýken we bagyr oturtmasy geçirildi

  • 06.03.2024 18:09
  • 8.1k+

Ýaponiýaly hünärmenler dünýäde ilkinji gezek janly donorlardan iki öýken we bagyr bölekleriniň bir wagtda transplantasiýasyny geçirdiler. Operasiýany noýabr aýynda geçiren Kioto uniwersitetiniň hassahanasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, hassa mart aýynyň başynda hassahanadan çykaryldy. Bu barada TASS belleýär.

Hassa dogabitdi diskeratozly – deri örtüginiň, nemli bardanyň anomaliýasy, süňk ýiliginiň näsazlygy, howply keselleriň güýçlenmegine meýillilik ýaly alamatlary bolan çylşyrymly genetiki keselli 10 ýaşly oglanjykdy. Donor hökmünde onuň ene-atasy çykyş etdi, olar sag we çep öýken böleklerini berdiler. Şeýle-de, oglanjygyň atasy transplantasiýa üçin bagrynyň bir bölegini berdi.
Operasiýanyň özi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirildi. Ol 18 sagat dowam etdi we üstünlikli diýlip hasaplandy. Oňa 300-den gowrak dürli lukmançylyk hünärmenleri gatnaşdy.
Şondan soň oglanjyk uzak wagtlap dikeldiş kursuny geçdi. Ol şu ýylyň mart aýynyň başynda hassahanadan çykaryldy. Onuň ýakynlary hem özlerini kadaly duýýarlar we lukmanlaryň gözegçiligine mätäçlik çekmeýärler.


düýn 07:29
2.7k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......