NVIDIA bazar bahasy boýunça Saudi Aramco-dan öňe geçip, dünýäde üçünji orny eýeledi

  • 06.03.2024 14:42
  • 2.6k+

Amerikan wideo-kartlary işläp düzüjisi NVIDIA bazar bahasynyň derejesi boýunça Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet kompaniýasyndan öňe geçip, üçünji orny eýeledi. Bu Nýu-Ýorkyň fond biržasyndaky söwdanyň (NYSE) we Companiesmarketcap portalynyň maglumatlaryndan geçip çykýar diýip, RBK habar berýär.

6-njy martda NVIDIA-nyň bazar bahasy 2,15 trln dollar boldy, bir ýylda bolsa 264% ýokarlandy. Paýnamalar 859 dollar derejesinde satyldy.
Saudi Aramco-nyň bazar bahasy 2,04 trln dollar boldy. Bir ýylda ösüş bary-ýogy 7,35% boldy. Bir paýnamanyň bahasy 8,32 dollara barabar.
Häzirki wagtda ilkinji iki orny 2,99 trln dollar bilen Microsoft we 2,63 trln dollar bilen Apple eýeleýär.
Dördünji çärýekde NVIDIA rekord möçberde 22,1 mlrd dollar gazandy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende 22% we bir ýyl ozalkydan 265% ýokary boldy. Tutuş geçen ýyl üçin girdeji hem 126% ýokarlanyp we 60,9 mlrd dollara ýetip, rekord derejeli boldy.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......