Duşenbede ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

  • 06.03.2024 08:24
  • 3.5k+

Täjigistanyň Dzýudo federasiýasy bilen Halkara dzýudo federasiýasy Duşenbede ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama baglaşdy. Resminama Daşkentde gol çekildi, ýaryş 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralar diýip, “ASIA-Plus” habar berýär.

Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň wise-başlygy Ergaş Mahmadbekow bu ýaryşyň respublikada dzýudonyň ösüşinde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.
Mahmadbekow abraýly çempionatyň geçirilmeginiň Täjigistanyň dünýäde möhüm dzýudo merkezi hökmünde abraýyny tassyklamaga kömek etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ol bu ýaryşyň ýurduň ýaş türgenleriniň öz başarnyklaryny görkezmegi üçin örän gowy mümkinçilikdigini belledi.


15.05.2026 11:22
2k+

Duşenbe bassyr ikinji ýyl sambo boýunça Dünýä kubogynyň tapgyryny kabul eder

2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen ýaryşdan soň, sambo boýunça Dünýä kubogy ýene-de Duşenbe şäherinde bolar. Täjigistanyň paýtagty sambo boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin özüni esasy meýdançalaryň......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

22.09.2025 14:26
6.9k+

Türkmen samboçylary Duşenbede Dünýä Kubogynda 11 medal gazandylar

20-21-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde sambo boýunça Dünýä Kubogy geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 11 medaly, ýagny 4 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazanyp, uly üstünliklere eýe boldy...

19.05.2025 08:34
10k+

Ýaş türkmen küştçüleri Duşenbede Günbatar Aziýanyň birinjiliginde bäş medal gazandylar

Türkmenistanyñ ýygyndy topary küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýaşlar çempionatynda bir altyn we dört bürünç medala eýe boldy. Ýaryş Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşa 12 ýurtdan 200-den gowrak oýunçy gatnaşdy...