Apple täze MacBook Air noutbuklaryny hödürledi

  • 05.03.2024 20:56
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy M3 çibi bilen 13 we 15 dýuýmlyk MacBook Air noutbuklaryny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtyndan resmi materiallara salgylanyp, MacRumors neşiri ýazýar.

Kompaniýa täze MacBook Air noutbuklarynyň M1 çipli model bilen deňeşdirilende, 60% tizdigini belleýär. Şeýle-de, täze noutbuklar MacBook Air-iň Intel-e esaslanýan iň gymmat modifikasiýasyndan, takmynan, 13 esse kuwwatlydyr.
M3 çibinden başga-da, täze MacBook Air Wi-Fi 6E, Voice Isolation we Wide Spectrum, audio we wideo jaňlarynda ýokary ses aýdyňlygyny hödürleýär. Ol indi noutbugyň gapagy ýapylanda iki sany daşarky displeýi hem goldaýar.
Täze MacBook Air üçin deslapky sargytlar eýýäm açyk, bölekleýin satuwda bolsa täze önümler 8-nji martda peýda bolar. Noutbuklar 1099 dollar başlangyç baha bilen Midnight, Starlight, Space Grey we Silver reňklerinde elýeterli bolar.
Apple kompaniýasy ilkinji 15 dýuýmlyk MacBook Air noutbugyny 2023-nji ýylda hödürledi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...