Hytaýda elektrikli ulaglaryň islendik howa şertlerinde işlemegini üpjün etjek täze akkumulýator döredildi

  • 05.03.2024 13:30
  • 9.5k+

Çžeszýan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary tarapyndan işlenip düzülen, elektrik ulaglaryna niýetlenen batareýanyň täze görnüşi gowulandyrylan elektrolit arkaly ekstremal howa şertlerinde güýjüni ýitirmezden hereket edip biler. Bu barada Nature žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan TechSpot ýazýar.

Professor Sýulin Fan toparynyň täze önüminiň aýratynlygy täze eredijiniň - ftorasetonitriliň (FAN) ulanylmagydyr. Ol ýokary ion geçirijiligini, zarýad bermegi we zarýadsyzlandyrmagy çaltlaşdyrýar hem-de litiý ionlaryny erediji molekulalardan aýyrmak üçin zerur bolan energiýany azaldýan pes solwatasiýa energiýasy bilen üpjün edýär. Bu geçirijiligi hasam gowulandyrýar.
Ereýiş temperatura nokadynyň pes bolmagy batareýany pes temperaturalarda-da netijeli işletmäge mümkinçilik berýär we öndürijiligiň peselmeginiň öňüni alýar.
Şeýle batareýalary bolan elektrik ulaglary, howa şertlerine garamazdan, has uzak aralyga ýöreýär. Bu alyjylar üçin elektrik ulaglarynyň özüne çekijiligini ep-esli ýokarlandyryp, ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçmegi çaltlaşdyryp biler.


şu gün 09:36
216

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......