Türkmenistanyň futbol boýunça 32-nji çempionaty badalga aldy. Bu möwsüm ol täze tertipde geçer

  • 04.03.2024 15:23
  • 10k+

3-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň täze möwsümi badalga aldy. Bu möwsümde onuň tertibine birnäçe üýtgeşmeler girizildi. Şu ýyl 9 topar milli birinjilik ugrunda 4 aýlaw duşuşyk geçirerler. Öňki tertipde üç aýlaw bardy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gatnaşýan klublaryň hatarynda - Aşgabatdan 3 klub: «Altyn Asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag», Balkanabatdan «Nebitçi», Türkmenbaşydan «Şagadam», Mary welaýatyndan «Merw» we «Energetik», Ahal welaýatyndan «Ahal» we Arkadag şäherinden «Arkadag» klublary bar.
Ýatlatsak, 2023-nji ýylda "Arkadag" kluby ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony boldy. "Altyn asyr" kümüş, "Nebitçi" bolsa bürünç medal aldy.
2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy Elman Tagaýew ("Ahal"), 27 gol bilen iň gowy hüjümçisi - Didar Durdyýew ("Arkadag") boldy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan döredilen we iň gowy düzgün-tertip görkezijileri üçin berilýän "Feýr-pleý" baýragyna "Altyn asyr" kluby mynasyp boldy.


düýn 10:24
4.3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.5k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......