Ilon Mask emeli aň we elektrik ulaglary sebäpli dünýäde elektrik energiýa ýetmezçiliginiň ýüze çykjakdygyny çaklady

  • 03.03.2024 12:40
  • 17k+

Teslanyň esaslandyryjysy Ilon Mask 2025-nji ýylda dünýäde elektrik togunyň ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu emeli aňyň (AI) we elektrik ulaglarynyň çalt ösmegi bilen baglanyşykly bolar. Telekeçiniň Bosch Connected World konferensiýasynda eden bu çykyşy barada New Atlas ýazdy.

“Men şeýle çalt ösýän tehnologiýany birinji gezek görýän. Çip ýetmezçiligi meselesi, megerem, indi yzda galan bolsa gerek, emma emeli aň bilen elektrik ulaglary şeýle bir ýyldyrym çaltlygynda ösýär welin, dünýä geljek ýyl elektrik we transformator üpjünçiliginiň bökdençliklerine duçar bolar "- diýip, Mask belledi.

Şol bir wagtyň özünde köp energiýa sarp edýän elektrik ulaglarynyň meşhurlygy hem artyp barýar. Maskyň pikiriçe, köp energiýa sarp edýän bu iki pudagyň bir wagtyň özünde ösmegi elektrik enjamlaryna we elektrik energiýasyna uly isleg döredýär, muňa bolsa dünýä heniz taýyn däl bolsa gerek.
Mask: "Indiki ýetmezçilik elektrik energiýasy bolar. Ähli çipleri işletmek üçin ýeterlik elektrik energiýasyny tapyp bilmezler" - diýdi.
Şeýle-de bolsa, ol adamzadyň iň uly tehnologiki öwrülişigiň bosagasynda durandygyny sözüniň üstüne goşdy.

"Iň gyzykly döwürde ýaşaýarys. Dogrusyny aýtsam, bu meni birneme ruhdan düşürjek boldy. Men: "Eger olar bizden üstün çykaýsalar näme? Hakykatdanam, alaçsyz bolup galaýarmykak?" Ýöne men muňa boýun boldum. Diri bolup, AI-niň getirjek “ahyrzamanyny” görmek isleýärinmi ýa-da ýok? Megerem, göresim gelýän bolsa gerek. Bu içgysgynç bolmaz" – diýip, Mask sözüniň üstüni ýetirdi.


şu gün 12:35
1.6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....