Samsung-da Face ID-niň alternatiwasy peýda bolar

  • 02.03.2024 17:46
  • 5.2k+

«Metalenz» startap kompaniýasy we «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler.

Oýlap tapyşyň konsepti «MWC 2024» sergisinde hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» biometrik sensory ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy alýar we şonuň esasynda identifikasiýa edýär.
Hünärmenleriň bellemeklerine görä, «Polar ID-i» «iPhone» smartfonlaryndaky «Face ID-iň» alternatiwasy hasaplamak bolar. «Face ID» bilen ulanyjynyň ýüzüne kamera tarapyndan nokatly matrisa düşürilýär. «Polar ID-de» bolsa kamera ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy düşürýär – netijede, gaýtalanmajak şekil alynýar.
«Metalenz» startap kompaniýasynyň hünärmenleri «Polar ID-iň» «Face ID» we beýleki şuňa meňzeş datçiklerden has arzandygyny, şeýle hem smartfonda az ýer tutýandygyny bellediler. Inženerleriň pikiriçe, polýarlaşdyrylan surata düşmeklige esaslanýan biometrik datçikler 2025-nji ýyldan öň smartfonlarda peýda bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...