Apple kompaniýasy Apple ID brendinden ýüz öwürmek isleýär

  • 02.03.2024 17:35
  • 3.1k+

Apple amerikan kompaniýasy Apple ID-niň rebrendigini meýilleşdirýär. Ol hyzmaty Apple Account diýip atlandyrmak isleýär diýip, çeşmelere salgylanyp, MacRumors portaly habar berýär.

Portalyň maglumatlaryna görä, Apple Account eýýäm şu ýyl, ähtimal, güýzde boljak iOS 18 we macOS 15 operasion sistemalarynyň relizi bilen peýda bolup biler. Şeýle-de, Apple-iň täze ady görkezjek firma programmalary we hyzmatlary täzelener. Žurnalistler häzirem käbir resminamalarda we saýtlarda Apple Account (“Apple-iň hasap ýazgysy”) sözüniň duş gelýändigine ünsi çekýärler.
Şol bir wagtyň özünde, rebrending heniz doly kesgitlenmedik. Sebäbi kompaniýa Vision Pro garniturasynyň içerki synagynda operasion sistemasynyň üç dürli adyny – reality OS, xrOS we visionOS atlaryny ulandy. Ahyrynda bolsa soňky at kabul edildi.
Apple ID iOS ulanyjylaryna iCloud bilen App Store-a girmäge mümkinçilik berýän akkauntdyr. Onuň kömegi bilen ulanyjylar programmalary we aýdymlary satyn alyp, ýükläp, gurluşlaryň arasyndaky maglumatlary sinhronlap bilýärler.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...