Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

  • 01.03.2024 17:25
  • 19k+

1-nji martda Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň döwletara dialogynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Şunda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi. “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenar ýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly görnüşdäki elektrostansiýa bolsa, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.
Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagynyň türk holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk  türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....