Analitikler: indiki gezek çip önümçiliginde global çökgünlige suw ýetmezçiligi sebäp bolup biler

  • 02.03.2024 17:05
  • 5.8k+

S&P Global Ratings kompaniýasynyň analitikleri suwuň global ýarym geçirijiler pudagy üçin täze gorky faktoryna öwrülip biljekdigini duýdurýarlar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Taýwan gurakçylygy başdan geçirdi we bar bolan süýji suw ätiýaçlyklary TSMC-niň çip öndüriji kärhanalarynyň işini üpjün etmäge gönükdirildi, bu bolsa oba hojalygyna ýaramaz täsir etdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, ýarym geçirijiler pudagynyň ösüş depgini çip çykarmak üçin suwuň ýetmeýän ýagdaýyna getirip biler we bu bolsa bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolar. Täze kärhanalaryň gurluşygy we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ep-esli maýa goýumlary talap edýär, suw çeşmeleriniň çäkliligi bolsa öndürijileriň bahalary ýokarlandyrmagyň hasabyna çykdajylary yzyna almagyna getirip biler.
Önümçilikde suwuň sarp edilişi  barha artýar. Ol enjamlary sowatmak we kremniý plastinalaryny ýuwmak üçin ulanylýar. TSMC gowy arassalanan süýji suwy ulanýar we tehnologiýa prosesi näçe kynlaşdygyça, şonça-da köp suw gerek bolýar.
2015-nji ýyldan bäri TSMC kärhanalarynda suwuň sarp edilişi 35% ýokarlandy we geljekde 5-9% artar. Klimatyň üýtgemegi ýagyş suwuna bil baglamaga mümkinçilik bermeýär, şonuň üçin eýýäm häzir ýarym geçirijiler senagaty suwuň sarp edilişi boýunça 7,5 mln ilaty bolan Gonkong bilen deňleşýär.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....