Samsung 800 MB/s çenli tizlikli microSD ýat kartyny görkezdi

  • 01.03.2024 16:19
  • 2.9k+

«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir.

«SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň bolsa 200 MB/s bilen çäklendirilendigi bellenilýär. Mundan başga-da, täze «Samsung» kartlarynda gyzmakdan goraýan ýörite «Dynamic Thermal Guard» (DTG) tehnologiýasy bardyr. Häzirlikçe täze önüm diňe 256 GB görnüşinde elýeterlidir.
Şeýle-de bolsa, täze kartlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin «SD Express» interfeýsi bilen utgaşykly enjamlar zerurdyr, olar bolsa häzirki wagtda bazarda az.
Mundan başga-da, «Samsung» soňky sekizinji nesil «V-NAND» fleş ýady esasynda 1 TB «mikroSD» (UHS-1) ýat kartyny köpçülikleýin öndürip başlandygyny habar berdi. Bu ýat kartlary üçünji çärýekde satuwa çykar, «SD Express» interfeýsli kartlarynyň bolsa 2024-nji ýylyň dowamynda çykmagyna garaşylýar. Has takyk seneleri aýan edilmedi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...