«Awatar: Aang hakynda rowaýat» serialy Netflix-de 21,2 million gezek görüldi

  • 01.03.2024 16:06
  • 4.6k+

«Netflix» kompaniýasynyň «Nikelodeon» teleýaýlymynyň 2005-nji ýylda çykan «Awatar: Aang hakynda rowaýat» atly meşhur multserialynyň esasynda surata düşüren serialyna ilkinji gezek görkezilen gününden bäri 21 milliondan gowrak tomaşa edildi. Bu barada striming platformasy özüniň web sahypasynda habar berdi.

«Netflix-de» iň köp tomaşa edilýän iň gowy 10 taslamanyň hepdelik reýtingine görä, seriala 21,2 million tomaşaçy tomaşa etdi. Şeýle hem bu serial striming hyzmatynyň 92 ýurtdaky iň köp görlen taslamalarynyň arasynda birinji orunda durýar.
Bu filmiň sýužeti dört elementiň güýjüni özleşdirmeli we dünýäde deňagramlylygy dikeltmeli bolan Aang atly on ýaşly oglanjygyň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berýär.


15.05.2026 11:36
2.2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....