Disney, Viacom 18 we Reliance Hindistanda 8,5 milliard dollarlyk bilelikdäki kärhanany döredýärler

  • 01.03.2024 16:10
  • 1.8k+

Disney, Viacom 18 we Reliance Industries Limited Hindistanda bilelikdäki kärhananyň döredilýändigini yglan etdi. Ylalaşygyň bahasy 8,5 milliard dollar diýip, Disney-iň metbugat beýanatynda aýdyldy.

Amerikanyň Viacom metbugat kompaniýasy täze kompaniýanyň 46,82 göterim paýyna, Disney 36,84 göterim paýa, Mukeş Ambani tarapyndan dolandyrylýan hindi konglomeraty Reliance bolsa 16,34 göterim paýa eýe bolar.
Reliance Industries bilelikdäki kärhana 1,4 milliard dollar maýa goýar. Disneý bilelikdäki kärhana goşmaça media aktiwlerini hem geçirip biler.
Bilelikdäki Hindistanda Disney-iň filmlerini we seriallaryny ýaýratmak üçin aýratyn hukuklara eýe bolar, şeýle hem dürli sport çärelerini we güýmenje mazmunyny ýaýlyma bermäge hukuk alar. Mümkin bolan tomaşaçylaryň sany, beýleki ýurtlarda ýaşaýan hindileri hasaba almazdan, 750 million adam bolar diýip hasaplanýar.
Disney-iň başlygy Bob Aýger: "Hindistan dünýädäki iň uly bazardyr we bilelikdäki kärhananyň kompaniýa üçin uzak möhletleýin gymmatlyk döretmekde açjak mümkinçiliklerine begenýäris" – diýip nygtady.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

22.03.2026 08:09
4.7k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
6k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...