2023-nji ýylda Apple sekuntda 3074 dollar gazandy

  • 29.02.2024 18:14
  • 3.9k+

«AltIndex» konsalting kompaniýasynyň gözlegçileri geçen ýyl «Apple» korporasiýasynyň her sekuntda ortaça 3074 dollar gazanandygyny hasapladylar.

Bu dünýädäki bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň arasynda, ýagny GAFAM diýlip atlandyrylýan toparda – «Google», «Apple», «Facebook», «Amazon» we «Microsoft» – iň gowy görkezijidir. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwlar we girdejiler azalandan soň, dünýäniň ýurtlar koronawirus çäklendirmelerini aýyryp başlanda, öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary, esasan, çykdajylaryny ep-esli azalmak bilen ösüş gazanyp başladylar. Netijede, 2023-nji ýylyň ahyrynda iň uly bäş korporasiýanyň umumy girdejisi 1,6 trillion dollar we arassa girdejisi 290 milliard dollar boldy. Umumy girdejiniň üçden bir böleginden gowragy «Apple» korporasiýasyna degişlidir – bu GAFAM toparyndaky iň ýokary görkezijidir.
2023-nji ýylda «Apple» her sekuntda gazanýan girdejisini bu görkeziji boýunça iň ýakyn bäsdeşleri bolan «Microsoft» (2443 dollar) we «Alphabet» (2115 dollar) kompaniýalaryndan ep-esli ýokarlandyrdy. Şeýle hem gözlegçiler 2023-nji ýylda bir amerikan maşgalasynyň ortaça ýyllyk girdejisini – 75000 dollar gazanmak üçin «Apple» korporasiýasyna bary-ýogy 24,4 sekunt wagt gerek bolandygyny bellediler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....