2024-nji ýylda täzelenme almajak iPhone modelleri belli boldy

  • 29.02.2024 15:31
  • 9.9k+

Täze iOS 18 operasion sistemasy iPhone XR, iPhone XS, iPhone XS Max we has täze Apple smartfonlary bilen gabat geler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, MacRumors neşiri ýazýar.

Maglumatlara görä, iOS 18 iOS 17-niň gabat gelýän iPhone modelleri bilen gabat geler. Şeýlelikde, bu operasion sistemany göterýän gurluşlaryň sanawyna iPhone 15, 15 Plus, 15 Pro, 15 Pro Max, iPhone 14, 14 Plus, 14 Pro, 14 Pro Max, iPhone 13, 13 mini, 13 Pro, 13 Pro Max, iPhone 12, 12 mini, 12 Pro, 12 Pro Max, iPhone 11, 11 Pro, 11 Pro Max, iPhone XS, XS Max, iPhone XR, iPhone SE 2 we SE 2 girdi.
iPadOS 18 bilen bagly ýagdaý birneme başgaçadyr. Şu ýyl A10X Fusion prosessorlary bolan we ondan hem täze planşetler täzelenmä eýe bolarlar. Bu iPadOS 18-iň 2017-nji ýylda çykan 10,5 dýuýmlyk birinji nesil iPad Pro modelleri we 12,9 dýuýmlyk ikinji nesil iPadPro modelleri bilen gabat gelmejekdigini aňladýar. Şeýle-de, iPadOS 18 operasion sistemasyny 2019-njy ýyldan öň çykan iPad mini we iPad Air almaz.  
Apple kompaniýasynyň iOS 18 bilen iPadOS 18-i iýun aýynda WWDC konferensiýasynda anons etmegine garaşylýar. Täzelenmeleriň relizi sentýabr aýynda bolup biler. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...