Bahreýnde “Formula-1-iň” täze möwsümi badalga alýar

  • 29.02.2024 14:55
  • 2.1k+

“Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 75-nji möwsümi şu gün Bahreýniň Sahir awtodromynda başlaýar. Bu barada Trend agentligi belleýär.

Bahreýnde geçirilen üç günlük synaglaryň netijesinde hünärmenler bu möwsümde-de “Red Bull” we onuň lideri Maks Werstappen bilen deňleşjek bolmaz diýen pikire geldiler.
“Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler we ispaniýaly Karlos Saýns synaglaryň jemleýji jedwelinde gowy netijeleri görkezip bildiler, ýöne bu iň ýumşak şinalaryň kömegi bilen gazanyldy. Geçen möwsümde Saýns Werstappenden we Peresden daşary ýeňiş gazanyp biljek ýeke-täk sürüjidi. Hemiltondan we Rasselden ybarat “Mersedes” topary-da “Ferrari” bilen deňeçer derejede ýerleşýär.
Badalga aljak möwsümde sprint ýaryşly (100 km aralyga ýaryş) alty tapgyr bolar. Sprint ýaryşlarynyň jemi boýunça ilkinji sekiz sürüji utuk gazanýar: ýeňiji sekiz utuk, sekizinji bolup gelen bolsa bir utuk alýar. Sprint ýaryşlary Hytaýdaky, Maýamidäki (3-5-nji maý), Awstriýadaky (28-30-njy iýun), ABŞ-daky (18-20-nji oktýabr), Braziliýadaky (1-3-nji noýabr) we Katardaky (29-njy noýabr-1-nji dekabr) tapgyrlarda geçiriler. Çempionat Abu-Dabide tamamlanar (6-8-nji dekabr).


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....