Counter-Strike 2 kompýuter oýnunda sýužet hatarlary we goýlan sahnalar peýda bolar

  • 29.02.2024 13:34
  • 8k+

Counter-Strike 2 internet oýnunda sýužet režimi peýda bolup biler. Bu ThourCS2 datamaýneri tarapyndan geçirilen oýnuň içki faýllarynyň seljermesinden gelip çykýar diýip, PlayGround portaly habar berýär.

Täzelenmede kat-sahnalar, subtitrler we gahrymanlar hem wakalar bilen sýužet hatarynyň barlygyny görkezýän beýleki elementler barada agzalýar. Şeýle-de, Wildfire operasiýalarynyň komiksleri bilen baglanyşykly setirler we funksiýalar aýryldy.
ThourCS2 bu režimiň adaty kampaniýalardan tapawutlanjakdygyny we goýlan sahnalar hem umumy wakalar bilen birnäçe operasiýalar görnüşinde boljakdygyny çaklaýar.
Datamaýnerler oýnuň faýllarynda we onuň kodunda gizlin maglumatlary gözleýän adamlardyr. Bu geljekki täzelenmeler barada bilmek isleýän höwesjeňlerdir.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....