20 sany Xiaomi we Redmi smartfony 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda HyperOS-a çenli täzelenme alar

  • 28.02.2024 09:43
  • 10k+

Xiaomi kompaniýasy täze HyperOS operasiýa ulgamyna çenli täzelenme aljak smartfonlaryň sanawyny hödürledi. Oňa 20 sany Xiaomi we Redmi smartfony, şeýle hem iki sany planşet girýär. Täzelenmeler 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda başlar. Bu barada GSMArena habar berýär.

HyperOS-y aljak enjamlaryň resmi sanawy aşakdakylar:

  • Xiaomi 12
  • Xiaomi 12 Lite
  • Xiaomi 12 Pro
  • Xiaomi 12T
  • Xiaomi 12T Pro
  • Xiaomi 12X
  • Xiaomi 13
  • Xiaomi 13 Lite
  • Xiaomi 13 Pro
  • Xiaomi 13 Ultra
  • Xiaomi 13T
  • Xiaomi 13T Pro
  • Redmi Note 12 5G
  • Redmi Note 12 Pro 5G
  • Redmi Note 12 Pro + 5G
  • Redmi Note 13 4G
  • Redmi Note 13 5G
  • Redmi Note 13 Pro 4G
  • Redmi Note 13 Pro 5G
  • Redmi Note 13 Pro + 5G

Planşetler:

  • Redmi Pad SE
  • Xiaomi Pad 6

HyperOS Xiaomi smartfonlary, planşetleri, sagatlary we akylly telewizorlary üçin täze Android esasly ykjam operasion ulgam. Ol 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda tanyşdyryldy we MIUI-iň mirasdüşeri hasaplanýar. Google-a garaşsyz, Xiaomi kompaniýasy tarapyndan özbaşdak işlenip düzüldi we goldanyldy. Özünde Android-den, iOS-dan we MIUI-den käbir çözgütleri utgaşdyrýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...