Aýa gonan “Odisseý” moduly işini bes edýär

  • 27.02.2024 23:40
  • 10k+

23-nji fewralda Aýa gonan amerikan kosmos enjamy Nova-C (“Odisseý”) şowsuz gonandygy sebäpli öz işini bes edýär. Bu barada South China Morning Post neşirine salgylanyp, RBK habar berýär.

LRO orbital enjamynyň suratlaryna görä, “Odisseý” göz öňünde tutulan ýerden, takmynan, 1,5 km uzaklykda – Aýyň günorta polýusyndan 300 km uzaklykda ýerleşýän Malapert A krateriniň golaýynda gondy.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “Odisseý” alty aýagynyň biri bilen Aýyň üstüne ilişen we bir gapdala agdarylan bolmaly. Intuitive Machines kompaniýasy kosmos enjamynyň uçuş dispetçerleri bilen aragatnaşyk saklamagyny dowam etdirýändigini habar berdi.
Kompaniýa Gün şöhlesi Gün panellerine düşmesini bes edýänçä maglumat ýygnamagyň dowam etdiriljekdigini belleýär. Ýer bilen Aýyň ýerleşýän ýerini göz öňünde tutanyňda, munuň 27-nji fewralda irden bolmagyna garaşylýar.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....