Skarlett Ýohansson doly metražly filmiň režissýory hökmünde ilkinji gezek çykyş eder

  • 27.02.2024 14:54
  • 8.4k+

Meşhur amerikaly aktrisa Skarlett Ýohansson ilkinji gezek özüni doly metražly filmiň režissýory hökmünde görkezip, “Eleonora Beýik” filmini surata düşürer. Ol bu film üçin eýýäm artistleri hem jemledi diýip, esquire.kz habar berýär.

Filmiň baş gahrymany iň gowy jorasynyň ölüminden soň özüni ele almaga synanyşýan 90 ýaşly Eleonora Morgenşteýndir. Ol ençeme ýyllap Floridada ýaşaýar, ýöne öňki tanyş ýerlere aýlanmak we geçen wakalary ýatlamak üçin dogduk mekany Nýu-Ýorka dolanmak kararyna gelýär. Ýöne bu gezelenç tiz wagtdan garaşylmadyk waka öwrülýär.
Filmde baş keşbi “Oskar” baýragyna dalaşgär Jun Skuibb ýerine ýetirer. Şeýle-de, onuň bilen bilelikde Çiwetel Ejiofor, Jessika Heht we Erin Kelliman surata düşer.
Ýohansson doly metražly ilkinji filmi üçin Tori Kemeniň ssenariýasyny saýlady. Şeýle-de, aktrisa taslamanyň egindeş prodýuseri hökmünde çykyş eder.
Ýohanssonyň ilkinji režissýorlyk işi 2009-njy ýylda surata düşürilen Kewin Beýkonyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Bu Vagabond köwüşleri” atly  gysga metražly film boldy. Şondan soň ol Trumen Kapoteniň romany esasynda “Tomusky kruiz” dramasyny ýola goýmagy meýilleşdiripdi, ýöne taslama häzire çenli amala aşyrylmady.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....