Win Dizel “Forsažyň” soňlanyp biljekdigine yşarat etdi

  • 27.02.2024 16:24
  • 12k+

Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär.

“Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz tamamlandy. Bu beýik final diňe bir soňlanma däl, bu biziň bilelikde döreden ajaýyp maşgalamyzyň baýramçylygydyr. Siz maňa buýsanarsyňyz diýip umyt edýärin” – diýip, Dizel ýazdy.

On birinji bölümiň franşizanyň soňky bölümi bolup biljekdigi resmi taýdan habar berilmedi. Filmiň relizi 2024-nji ýylyň 4-nji apreline meýilleşdirilýär. Lenta Dominigiň “çynlakaý garşydaş” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýän geçenki filmiň gönüden-göni dowamy bolar.

Sýužet boýunça Dante öz kakasynyň ölüminiň şaýady bolýar, ony bäşinji “Forsažda” DSS agenti Lýuk Hobbs atýar. Şu wakalardan soň​ Dante​ baş gahrymandan ar almak üçin 12 ýyllap meýilnama düzýär.


01.07.2025 14:08
7.7k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
6.9k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.7k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...

08.05.2024 11:49
6.4k+

“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda...