180 Mp periskoply Honor Magic6 Pro flagman smartfony tanyşdyryldy

  • 27.02.2024 19:07
  • 4.7k+

«Honor» kompaniýasy «MWC 2024» sergisinde «Magic6 Pro» flagman smartfonynyň halkara nusgasyny tanyşdyrdy.

«Honor Magic6 Pro» 2800x1280 piksel durulykly, 120 Hz täzeleniş tizligi we 5000 nit ýagtylygy bolan 6,8 dýuýmlyk OLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda bu smartfon üçin rekord görkezijidir. Enjamyň işleýşine «Snapdragon 8 Gen 3» çipi jogapkärdir.
Smartfon üç kamera bilen üpjün edilendir: f/1,4-2,0 üýtgeýän diafragmaly we optiki stabilizasiýaly (OIS) 50 megapiksellik esasy kamera, 50 megapiksellik durulykly ultra giň burçly kamera, şeýle hem 2,5 esse optiki ýakynlaşdyrma we OIS mümkinçilikli 180 megapiksellik periskop obýektiwi. Öň tarapynda bolsa 50 MP durulykly we 3D-ToF çuňluk datçigi bolan selfi kamerasy ýerleşdirildi.
Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda IP68 standartyna laýyklykda tozandan we suwdan gorag, hususy «MagicOS 8.0» gabygy bilen öňünden gurlan “Android 14” operasion ulgamy bellenilýär.
«Honor Magic6 Pro-nyň» 12 GB operatiw ýatly we 512 GB goşmaça ýatly nugasy Ýewropada 1,3 müň ýewrodan satylar. 

şu gün 16:49
404

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....