Meizu 21 Pro smartfony kompaniýanyň çykarjak iň soňky smartfony bolar

  • 27.02.2024 08:58
  • 8.2k+

Hytaýyň Meizu kompaniýasy 29-njy fewralda Meizu 21 Pro flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini anons etdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Meizu 21 Pro smartfonynyň üstündäki işler heniz kompaniýa iş ugruny smartfonlardan emeli aňa gönükdirjekdigi barada yglan etmezden öň başlandy. Fewral aýynyň ortalarynda bolsa Meizu emeli aň pudagyny özleşdirmek üçin smartfon bazaryndan gidýändigini habar berdi. Üýtgedip gurmagyň çäklerinde kompaniýa şu ýyl täze operasion sistemany hem-de onuň bilen işleýän täze önümleri hödürlär. Şonuň üçin Meizu 21 Pro kompaniýanyň iň soňky smartfony bolup biler.
Gürrüňlere görä, Meizu 21 Pro Snapdragon 8 Gen 3 çibine, 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekranyna we 80 Wt kuwwatly çalt zarýad beriş goldawy bilen 4800 mAs sygymly akkumulýatora eýe bolar. Smartfon 50, 12 we 8 Mp üç kamera, şeýle-de 40 Mp selfi kamera eýe bolup biler.
2022-nji ýylda Hytaýyň Geely awtoulag ägirdi Meizu kompaniýasyny satyn aldy. 2023-nji ýylyň ýazynda Meizu 20 smartfon hatary, noýabr aýynda bolsa esasy Meizu 21 modeli hödürlendi. Öndürijiniň hataryň iň uly modelini näme üçin bada-bat görkezmändigi belli däl.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....