THR: “Gladiator 2”-niň býujeti iki esse artyp, 310 million dollara ýetdi. Prodýusserler nägile

  • 26.02.2024 09:03
  • 13k+

“Gladiator”-yň sikweliniň býujeti 165 million dollardan 310 million dollara çenli ýokarlandy we Paramount Pictures-iň ýolbaşçylarynyň arasynda “görlüp-eşidilmedik nägileligi” döretdi.

The Hollywood Reporter-iň çeşmeleri filmiň 49 günlük surata düşürilişiniň bahasynyň 250 million dollardanam azdygyny, Golliwudda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan noýabr aýyna çenli önümçiligiň bökdelmegine getiren iş taşlaýyşlar sebäpli  10 million dollar (hepdede 600 000 dollar) ýitirilendigini habar berdi.
“Gladiator 2”-niň surata düşürilişi başga kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýynda dört sany kaskadýor şowsuz ýerine ýetiren hereketleri sebäpli jan-saglyga howpsuz ýanyk şikesini aldy. Soňam režissýor Ridli Skott atlara we maýmynlara rehimsiz daraşmakda aýyplandy.
“Gladiator 2”-niň ilkinji görkezilişini 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ikinji filmiň sýužeti birinji bölümdäkiden 25 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Lusillanyň ogly (Konni Nilsen) we Kommodyň (Hoakin Feniks) ýegeni Lusiýiň baş keşbini Pol Meskal ýerine ýetirdi. Onuň bilen bilelikde filmde Pedro Paskal, Denzel Waşington, Jozef Kuinn we Konni Nilsen oýnady.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....