“Sezar” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýylyň ýeňijisi “Aşak gaçyşyň  anatomiýasy” boldy

  • 25.02.2024 23:58
  • 9.2k+

Fransiýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy Sezar baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. 49-njy baýrak gowşurylyş dabarasy 24-nji fewralda Parižiň “Olimpiýa” teatrynda geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär.

“Aşak gaçyşyň  anatomiýasy” atly pajygaly film alty baýraga, şol sanda baş baýraga mynasyp bolup, ynamly ýeňiş gazandy.
“Aşak gaçyşyň  anatomiýasynyň” režissýory Jýustin Trie 49 ýylyň içinde iň gowy režissýor hökmünde “Sezar”-y alan ikinji aýal boldy.
Kanadanyň “Söýginiň tebigaty” romantik komediýa-drama filmi iň gowy daşary ýurt filmi hökmünde ykrar edildi.
Esasy dalaşgärlerden başga-da, kino sungatyna goşan goşandy üçin hormatly “Sezarlar” iňlis režissýory Kristofer Nolana we fransuz aktrisasy hem-de kinorežissýory Anýes Žauiýe gowşuryldy.

Käbir baýrak eýeleriniň sanawy:

  • Iň oňat film - “Aşak gaçyşyň  anatomiýasy”;
  • Iň oňat režissýor - Jýustin Trie (Aşak gaçyşyň anatomiýasy);
  • Iň oňat aktrisa - Sandra Hýuller (Aşak gaçyşyň anatomiýasy);
  • Iň oňat aktýor - Arýe Worthalter (Goldmanyň işi);
  • Ikinji plandaky iň oňat aktrisa - Adel Ekzarkopulos (Ýüzleriňizi hemişelik ýatda saklaryn);
  • Ikinji plandaky iň oňat aktýor - Swann Arlo (Aşak gaçyşyň  anatomiýasy);
  • Iň oňat ssenariý - Jýustin Trie, Artur Harari (Aşak gaçyşyň  anatomiýasy);
  • Iň oňat uýgunlaşdyrylan ssenariý - Odri Diwan, Waleri Donzelli (Diňe sen we men);
  • Iň oňat daşary ýurt filmi - “Söýginiň tebigaty”.
şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....