“Garri Potter” gaýdyp gelýär: täze serialyň ilkinji görkezilişi yglan edildi

  • 25.02.2024 09:49
  • 13k+

“Garri Potter” serialy 2026-njy ýylda HBO Max akym hyzmatynda çykar. Warner Bros. Discovery-niň baş direktory Dewid Zaslaw muny maýadarlar bilen geçirilen ýygnakda yglan etdi diýip, IGN habar berýär.

Ol bu taslamanyň soňky bölegi on ýyldan gowrak ozal çykan asyl franşizanyň ruhuna laýyk geljekdigine ynandyrdy. Zaslawyň sözlerine görä, serial boýunça işler Joan Rouling we onuň topary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.
Aprel aýynda HBO Max sýužetiň jikme-jikliklerini açmazdan, geljekki serialyň tizerini çykardy.
Garri Potter hakyndaky filmlerde baş keşbi ýerine ýetiren aktýor Deniel Redkliff seriala gatnaşmaz. Ol wakanyň başdan başlap gürrüň beriljekdigini we ýigit çykan Garriniň keşbini oýnamak islemeýändigini aýtdy.
“Garri Potter” serialy HBO Max-iň iň köp garaşylýan taslamalarynyň biri bolar. Onuň franşizanyň bütin dünýädäki muşdaklarynyň arasynda meşhur bolmak üçin ähli mümkinçilikleri bar.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....