Tom Kruz Oskar baýragynyň eýesi Alehandro Inýarritunyň täze filminde oýnar

  • 25.02.2024 09:53
  • 8.3k+

“Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl” filminiň gahrymany Tom Kruz drama kinosyna gaýdyp gelýär: aktýor Oskar baýragyna eýe bolan režissýor Alehandro Gonsales Inýarritunyň (“Guş-adam”, “Diri galan”) täze filminde baş keşbi ýerine ýetirer.

Kartina Warner Bros. we Legendary studiýalary prodýuserlik eder. Sýužet heniz gizlin saklanýar. Inýarritu ssenariýany “Guş-adamyň” awtordaşlary Aleksandr Dinelaris we Nikolas Jakabone bilen bilelikde ýazdy.
Kruz ýakynda täze filmleriň önümçiligi üçin “Wornerler” bilen şertnama baglaşdy. Onuň üçin esasy maksat has “çynlakaý” taslamalara gatnaşmakdy.
Inýarritunyň soňky filmi, ýarym awtobiografik drama “Bardo” 2022-nji ýylda çykdy we tankytçylar tarapyndan dürlüçe kabul edildi.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....