Messi türgenleşik wagty haýsy aýdymlary diňleýär? Apple Music bu barada aýtdy

  • 24.02.2024 22:50
  • 16k+

«Apple Music» argentinaly futbolçy Lionel Messiniň oýunlardan öň diňlemegi halaýan 60 aýdymdan ybarat «Messi: The Warm-Up» pleýlistini mälim etdi.

3,5 sagatlyk sanaw argentin kumbiýasy, estrada, r'n'b we rok ýaly dürli žanrdaky aýdymlary öz içine alýar.
Sanawdaky aýdymlaryň aglabasy puerto rikaly repçi Bad Bunny we meksikaly aýdymçy Peso Plumanyň aýdymlarydyr, şeýle hem Luis Fonsiniň «Despacito», «AC/DC» toparynyň «Highway To Hell» we «Coldplay» toparynyň «Viva La Vida» aýdymlary bar.

«Özümi bilelim bäri, aýdym-saz durmuşymda hemişe möhüm orny eýeledi, esasanam oýun günlerinde» diýip, Messi belledi. Futbolçynyň aýtmagyna görä, aýdym oňa aňyny köşeşdirmäge we rahatlygyny saklamaga kömek edýär.

Messi 36 ýaşynda, ol «Inter Maýami» toparynda oýnaýar. Argentinaly futbolçy Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, sekiz gezek «Altyn topa» mynasyp boldy we Çempionlar ligasynda dört gezek ýeňiş gazandy.


düýn 10:24
4.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......