Elektrikli awtoulaglar Mersedes-Benz-iň ynamyny ödemedi, kompaniýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň hataryny giňeldýär

  • 24.02.2024 17:57
  • 16k+

Mersedes-Benz elektrikli ulaglary baradaky meýilnamasyna düzediş girizip, satuwda 50 göterim paýy babatyndaky çaklamasyny bäş ýyl süýşürdi. 2030-njy ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryň öz ornuny saklajakdygyna ynanýan kompaniýa olary ösdürmäge ünsi jemlär diýip, Reuters habar berýär.

Elektrikli ulaglara islegiň pesdigi (bazaryň 11%) we ykdysady kynçylyklar Mersedes-Benz-e öz strategiýasyna täzeden garamaga itergi berdi. 2027-nji ýylda kompaniýa benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglarynyň täze setirini hödürlär we elektrik ulaglaryna we gibridlere umumy jemden 19-21% paý galdyrar.
Ýerine ýetiriji müdir Ola Kelleniusyň pikiriçe, elektrik ulaglary 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky täze awtoulaglaryň bazaryny 100%  eýeläp bilmez.
Ykdysady ösüşiň haýallamagy, üpjünçilik bilen bagly kynçylyklar we söwda uruşlary Mersedes-Benziň 2024-nji ýyldaky çaklamasyna ýaramaz täsir etdi. Ýeňil ulaglaryň we furgonlaryň satuwynyň çäkleriniň azalmagyna garaşylýar.
Kompaniýa indi MB.OS platformasy ýaly, geljekki tehnologiýalary gözlemek we ösdürmek üçin çykdajylary köpeldýär. Mundan başga-da, konsern awtoulagyň ortaça bahasyny 2% -e, 74 200 ýewro çenli galdyrdy.
3 milliard ýewrolyk paýnamany yzyna satyn almak maksatnamasy yglan edenden soň, Mersedes-Benz -iň paýnamalary 5,9 göterim ýokarlandy.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......