ABŞ ýarym asyrdan soň Aýa gaýdyp bardy. Hususy Nova-C moduly hemranyň günorta polýusyna gondy

  • 24.02.2024 17:54
  • 8.9k+

23-nji fewralda Intuitive Machines-niň hususy eýeçiligindäki Nova-C moduly Aýa gondy we ABŞ-da döredilen apparat 52 ýylyň içinde ilkinji gezek Aýa gondy. Bu waka hususy kompaniýalaryň kosmos gözleginde barha möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär diýip, 3DNews habarlar gullugy ýazýar.

"Odisseý" lakamly Nova-C Aýyň günorta polýusyndan, takmynan, 300 km uzaklykda ýerleşýän Malapert A kraterine gondy. Bu owal-ahyl gonulan iň günorta nokatdyr.
Aýyň üstüne arassa gonuş birbada mümkin däldi. Lidarlaryň nädogry işlemegi sebäpli gonuş Aýyň töwereginden bir aýlaw edip, orbitada biraz gijikdirmeli boldy. Netijede, NASA-nyň dopler lidary ulanyldy.
Odisseý gämisinde 12 sany ylmy gural bar, olaryň 6-sy NASA, galanlary hususy kompaniýalar tarapyndan üpjün edilýär. Olaryň arasynda lazer reflektorlary we beýleki kosmos gämileriniň geljekde aşak gonmagyna kömek etjek maýak, şeýle hem Aýyň heýkeli, Aý obserwatoriýasynyň taslamasy üçin termiki matanyň nusgasy we kameralar bar.
Nova-C missiýasy – bu NASA-nyň kosmos gözlegine hususy kompaniýalary çekmegi maksat edinýän CLPS (Commercial Lunar Payload Services) maksatnamasynyň bir bölegi.
Modulyň enjamlary, takmynan, 14 Ýer gije-gündizinde işlär, şondan soň ol “uka gider”.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Aýa kosmos missiýalaryny diňe dört ýurt – SSSR, Hytaý, Hindistan we ýakynda, has dogrusy, geçen aýda Ýaponiýa amala aşyrdy. Birleşen Ştatlar Ýeriň hemrasynyň üstüne adam iberen ýeke-täk ýurtdur.


şu gün 08:10
3.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......