Apple iPhone 15-iň batareýasynyň ömrüni uzaltdy

  • 24.02.2024 17:59
  • 9.5k+

«Apple» kompaniýasy «iPhone 15» smartfonlaryna giňeldilen batareýa sazlamalaryny goşdy. Bu barada «MacRumors» neşiri habar berýär.

«iOS 17.4-iň» beta wersiýasyna täze batareýa sazlamalary girizildi. Ulanyjylar batareýanyň ýagdaýy barada maglumatdan başga-da, zarýad beriş siklleriniň sanyny görüp bilerler. Bu maglumatlar batareýany çalyşmagyň zerurdygyny ýa-da däldigini bilmäge kömek eder.
Şeýle hem kompaniýa «iPhone» smartfonlarynyň batareýalarynyň galan kuwwatyny hasaplamak ulgamyny üýtgedendigini aýtdy. Şeýlelikde, «Apple» kompaniýasynyň täze smartfonlary 1000 gezek zarýad berişden soň 80 göterim kuwwatyny saklamaga ukyplydyr, köne nusgalarda bu görkeziji 500 gezege deňdir.
Zarýad beriş siklleri barada täze maglumatlar diňe täze enjamlaryň – «iPhone 15», «15 Plus», «15 Pro» we «15 Pro Max» ulanyjylary üçin elýeterlidir. Şeýle hem täze enjamlaryň eýeleriniň batareýanyň zarýadynyň kuwwaty 80 göterime ýetende zarýad berilmegini bes eder ýaly telefonlaryny sazlap biljekdigi bellenilýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...