Kompozitor we sazanda Mozart barada biografik serial surata düşüriler

  • 23.02.2024 17:41
  • 2.3k+

Sky Studios kompozitor Wolfgang Amadeý Mozart barada täze baýopik serialy surata düşürer we onda baş keşbi britaniýaly Will Şarp (“Ak lotos”) janlandyrar. Bu barada Deadline neşirine salgylanyp, film.ru habar berýär.

“Amadeý” taslamasy XVIII asyryň ahyrlarynda Mozartyň Wenadaky ýaşlygy barada gürrüň berer. Ol ýerde kompozitor geljekki aýaly Konstansiýa we ganym duşmany Antonio Saleri bilen tanyşýar.
Serial Piter Şefferiň adybir teatr pýesasyna esaslanýar. Ol boýunça 1984-nji ýylda film hem surata düşürilipdi. Serialyň reliziniň anyk senesi heniz belli däl.  
“Amadeýiň” üstünde “Bergi/utanç” (Duty/Shame) serialynyň awtorlary Jo Barton we Julian Farino işleýär. Belläp geçsek, Şarp aktýorlyk karýerasyndan daşary režissýor hökmünde hem bellidir.

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....