“Real” meşhur belgisini 17 ýaşly täze oýunça berdi

  • 22.02.2024 18:51
  • 23k+

17-nji iýulda 18 ýaşyny doldurýan braziliýaly hüjümçi Endrik Madridiň “Realynda” dokuzynjy belgini alar. Bu belgide Karim Benzema we Alfredo Di Stefano ýaly meşhur oýunçylar çykyş edipdi. Bu barada “Marca” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Topar Endrik 15 ýaşynda wagty, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda onuň transferini resmileşdirdi. Ýöne hüjümçi “Reala” diňe 18 ýaşa ýetenden soň, ýagny 2023/24 möwsümi tamamlanandan soň goşulyp biler.
Şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär. Transferiň bahasy 35 mln ýewro boldy, şeýle-de Endrikiň “Realyň” düzüminde üstünlikli çykyşlary üçin ýene 25 mln ýewro möçberde mümkin bolan bonuslar bar.
Geçen möwsüm Endrik Braziliýanyň “Palmeýras” kluby üçin ähli ýaryşlarda 53 oýna gatnaşyp, 14 gol geçirdi we bir netijeli geçirim etdi.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......