Apple Samsung bilen bäsdeşlikde düýbünden täze dakylýan gurluşyň üstünde işleýär

  • 23.02.2024 12:16
  • 7.1k+

Apple fitnes trekeriň analogy hökmünde çykyş etjek we ulanyjynyň saglygy barada maglumat ýygnajak “akylly” ýüzügi döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada MacRumors neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple şeýle ýüzügiň konseptiniň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýär, muny birnäçe patentler hem delillendirýär. Apple-iň bu ýüzügi Samsung-yň Galaxy Ring ýüzügine bäsdeş bolup biler, şonuň üçin amerikan kompaniýasy ony has kämil etmäge synanyşar.

“Apple Samsung-yň “akylly” ýüzüginiň sagatlara has ykjam we energiýa taýdan netijeli alternatiwa bolup biljekdigini ýa-da ýokdugyny bilmek üçin bazara ünsli syn edýär. Kompaniýa smart-ýüzügi döretmek işine dakylýan gurluşlaryň hataryny giňeltmegiň täsirli ssenariýasy hökmünde çynlakaý garaýar. Muny soňky wagtlar sany artýan tematiki patentler hem delillendirýär” – diýip, neşir ýazýar.

Galaxy Ring 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda köpçülikleýin önümçilige goýberiler. Pulsy ölçemekden başga-da, onuň EKG monitoringini we uky gözegçiligini goldamagyna garaşylýar. Şeýle-de, enjam beýleki gurluşlary dolandyrmak funksiýasyna we galtaşyksyz NFC töleg mümkinçiligine eýe bolmaly.


22.03.2026 04:18
2.1k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...