Internetde Samsung-yň täze fitnes trekeri barada maglumatlar ýaýradyldy

  • 22.02.2024 18:23
  • 2.7k+

Internetde «Samsung» kompaniýasynyň marketing materiallary ýaýradyldy, onda kompaniýanyň täze fitnes trekeri «Galaxy Fit 3-iň» ähli aýratynlyklaryny we häsiýetnamasy beýan edilýär. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» neşirine salgylanyp habar berýär.

Syzdyrylan faýllara görä, «Samsung Galaxy Fit 3» gönüburçly şekile, sag tarapynda fiziki düwme bolan alýumin korpusa eýe bolar. Şeýle hem enjam IP68 standartyna laýyklykda, çyglylykdan we tozandan goralar. Fitnes treker üç reňkde elýeterli bolar: çal, kümüşsöw we gülgüne.
Şeýle hem materiallarda «Samsung Galaxy Fit 3-iň» 256-a 402 piksel durulykda we 2,5D aýna örtükli 1,6 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün ediljekdigi bellenilýär. Täze fitnes treker öňküsinden 46% uly we 11% inçe bolar. Şeýle hem täze enjamda has köp sagat dizaýny görnüşleri hödürlener.
«Samsung Galaxy Fit 3» saglyk we fitnes üçin funksiýalar bilen üpjün edilýär. Içinde gurlan ýürek urgusy monitory, SpO2 datçigi, stres yzarlaýjy, ädim hasaplaýjy, 101 türgenleşik režimine goldaw we alty görnüşli işjeňligi awtomatiki yzarlamak mümkinçiligi bar. Ýakynda çykjak fitnes trekerinde aýallaryň saglygyna gözegçilik üçin funksiýa hem bolar.
Täze önüm 16 MB operatiw ýat we 256 MB goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Ahyrynda, täze önüm 208 mA/s sygymly akkumulýatora eýe bolar, bu bolsa 13 gün zarýad bermezden işlemek üçin ýeterlik diýilýär.
«Samsung Galaxy Fit 3-iň» tanyşdyryljak senesi we bahasy aýan edilmeýär.


23.03.2026 00:03
5.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...