490-dan gowrak türgen kikboksing boýunça Aşgabadyň birinjiligine gatnaşdy

  • 22.02.2024 17:39
  • 9.9k+

Aşgabatda 19 – 22-nji fewral aralygynda kikboksing boýunça şäher birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatlaryň we paýtagtyň toparlaryndan 490-dan gowrak türgen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Türgenler 23 kg-den 75 kg çenli dürli agram derejesinde göreşdiler. Bäsleşikde güýç, çydamlylyk we erjellik görkezen 2012-2013-nji ýylda doglan ýaş kikboksçylar aýratyn ünsi çekdi. Ýaş türgenlerden başga-da, birinjilige halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän tejribeli türgenler hem gatnaşdy.
Ýaryş halkara ülňülerine laýyklykda geçirildi: her bir söweş 1 minut arakesme bilen her biri 2 minut dowamlylygynda üç raunddan ybarat boldy.
Altyn medala, esasan, Aşgabatdan türgenler eýe boldy (30). Lebapdan gelen kikboksçylaryň hasabynda 13 altyn medal bar, Ahal, Mary we Balkan welaýatlaryndan gelen türgenleriň hasabynda bolsa bir altyn medaldan bar.
Birinjiligiň maksady geljekde halkara ýaryşlarynda, şol sanda dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik edip biljek zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan ybaratdy. Ýeňijiler Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginden gymmatly sowgatlar, hormat hatlary we medallar bilen sylaglandy.
Kikboksing ýurtda sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Bu görnüş bilen 5000-den gowrak adam meşgullanýar. Türkmenistanyň kikboksing federasiýasy 1992-nji ýyldan bäri işleýär.


03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......