Mercedes-Benz bütin dünýäde 250 müň awtomobilini yzyna gaýtarýar

  • 21.02.2024 20:51
  • 11k+

Germaniýanyň Mercedes-Benz awtoöndürijisi tutuş dünýä boýunça 250 müň töweregi awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada GFR-iň Ulag serişdeleriniň meseleleri boýunça federal edara salgylanyp, DPA agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, yzyna gaýtarma 2023-nji ýylda çykarylan AMG GT, C-Class, CLE, E-Class, EQE, EQS, GLC, S-Class we SL modellerine degişli bolar. Germaniýada bu 37 müňden gowrak awtomobili öz içine alýar. Edaranyň belleýşi ýaly, yzyna gaýtarmanyň sebäbi käbir goraýjy enjamlaryň talaplara laýyk gelip bilmezliginden ybarat. Bu öz gezeginde hereketlendirijiniň hatardan çykmagyna getirip biler. Ýangyn howpuny hem inkär edip bolmaz.
Kompaniýanyň wekili DPA agentligine seresaplylyk çäresi hökmünde şeýle awtomobillerde käbir detallaryň çalşyryljakdygyny aýtdy.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....