Ýaponiýada iň arzan eplenýän smartfon tanyşdyryldy

  • 21.02.2024 20:41
  • 9.8k+

«ZTE» kompaniýasy Ýaponiýada elýeterli bahadan eplenýän smartfony tanyşdyrdy. Bu barada «SoftBank» web sahypasyndaky metbugat beýanatynda habar berilýär.

Enjam Hytaýyň «ZTE» kompaniýasy tarapyndan Ýaponiýanyň «SoftBank» korporasiýasynyň golçur kärhanasy bolan «Y!mobile» bilen bilelikde işlenip düzüldi. Enjam bazardaky çeýe displeýli iň arzan enjam diýlip atlandyrylýar. Enjamyň bahasy 420 dollardyr, ýöne öňünden sargyt edilende, smartfonyň bahasy 265 dollara çenli düşýär. Enjam 29-njy fewralda satuwa çykarylar.
Tanyşdyrylan enjam iki eplenýän form-faktora we 2790x1188 piksel durulykly, 6,9 dýuým diagonally esasy displeýe eýedir. Smartfonyň daşky tarapynda goşmaça 1,43 dýuým diagonaly ekran bar. Onda salgylanma maglumatlarynyň görkezilýändigi habar berilýär.
«Libero Flip» «Snapdragon 7 Gen 1» prosessory, 6 gigabaýt operatiw ýat we 128 gigabaýt goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Enjam 50 we 2 megapiksel durulykly obýektiwleri bolan esasy kamera bilen çykdy. Enjamda 4310 milliamper-sagat sygymly batareýa, IP42 standartyna laýyklykda çyglylykdan gorag, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, NFC bardyr. «ZTE» kompaniýasynyň eplenýän smartfonynyň dünýä bazaryna çykyp-çykmajakdygy belli däl.


18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......